ÝTÖB türkmen önüm öndürijilerine $9.5 millionlyk karz serişdesini berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB türkmen önüm öndürijilerine $9.5 millionlyk karz serişdesini berer
Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri ÝTÖB umumylykda 75 taslama 295 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) türkmen kompaniýalaryna önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksatly $9.5 millionlyk pul serişdesini berýändigini tassyklady. Bu barada bankyň Taslamalar boýunça Resminamasynda sişenbe güni beýan edildi.

Bank, hususan-da, “Täze Aý Önümleri” hojalyk jemgyýetiniň konditer önümçiligi bilen meşgullanýan “Datly Şerbet” kärhanasynyň önümçiliginiň giňeldilmeginiň birinji tapgyry üçin $8 millionlyk pul möçberini tassyklady.

Resminama laýyklykda, “Datly Şerbet” öz önümleriniň görnüşlerini köpeldip, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin maýa goýar.

ÝTÖB täze önümçiligiň Hytaýyň we Gyrgyzystanyň bazarlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döretjekdigini aýdyp, “Konditer önümleriniň eksporty 2023-nji ýyla çenli umumy önümçiligiň 20 göterimine ýeter” diýip belleýär.

Şeýle hem bank Türkmenistanda polietilen we polipropilen haltalary öndürýän “Safa” hususy kärhanasyna bar bolan önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de importyň ornuny tutjak harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin $1.5 millionlyk pul serişdesini berer.

Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri 200-den gowrak kärhana işewürlik maslahatlaryny beren ÝTÖB umumylykda 75 taslama 295 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.

2022