Türkmenistanda COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak we durmuş-ykdysady täsirini peseltmek üçin zerurlyklary we bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen BMG türkmen Hökümetiniň we halkara hyzmatdaşlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada BMG-niň penşenbe günündäki beýannamasynda aýdylýar.
Penşenbe güni BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda geçirilen çäre Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekillerini, BMG-niň we onuň bölümleriniň, şeýle-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, USAID-iň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň wekillerini we Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetini ýygnady.
Gatnaşyjylar, hususan-da, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çäreleri, maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy ýaly meselelere seredip geçdiler. Bu bolsa, öz nobatynda Türkmenistanyň ilatyň saglygyny we maddy-hal ýagdaýyny gorap saklamak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýandyr.
BMG-niň maglumatyna görä, bu çäre 31-nji martda geçirilen COVID-19 ýokanjyna garşy taýýarlygy we hereketi üpjün etmek boýunça maksatnamanyň tanyşdyryşynyň dowamydyr.
“Meýilnamanyň esasy maksady ýurda ýokanjyň getirilmeginiň öňüni almak we kesel ýurtda peýda bolan ýagdaýynda-da onuň soňra ýokuşmagyna ýol bermezlikden we ýurtda ýokanjyň tiz ýaýramagynyň durmuş we ykdysady täsirlerini azaltmakdan ybaratdyr” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa nygtady.
BMG-niň ösüş boýunça hyzmatdaşlary ara alnyp maslahatlaşylan COVID-19 ýokanjyna Taýýarlyk we jogap maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistana berlip biljek maliýe we tehniki serişdeler hakynda maglumat berdiler.
Duşuşygyň dowamynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň öňüni alyş bölüminiň ýolbaşçysy agzalan maksatnamanyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, halkara ülňülerine laýyk gelýändigini mälim etdi.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda COVID-19 ýokanjy bilen kesellän raýat hasaba alynmady.