Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suwdan peýdalanyş möçberleri tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suwdan peýdalanyş möçberleri tassyklandy
Wideomaslahatda 78-nji mejlisiň jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde Amyderýa we Syrderýa boýunça 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinleriniň ösüş döwründe Merkezi Aziýa ýurtlary üçin suwdan peýdalanmagyň çäkli möçberleri we bu derýalardaky suw howdanlarynyň iş tertibi tassyklandy.

Şeýle-de mejlisiň gün tertibine laýyklykda, “Amyderýa“ we “Syrderýa“ sebit suw hojalyk birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň bu derýalaryň sebitlerinde 2019-2020-nji ýyllarda oba hojalyk ekinleriniň ösüş döwründe alnan suwlaryň jemleýji hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň barşynda gatnaşyjylar 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen AHHG esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama salgylanmak arkaly bu ugurda degişli ýurtlarda durmuşa geçirilýän çäreleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçirilen 78-nji mejlisiň jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi.

Wideomaslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

2022