Aşgabatda ulag ulgamy boýunça halkara resminamalara gatnaşmak meselesine serediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ulag ulgamy boýunça halkara resminamalara gatnaşmak meselesine serediler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ulag ulgamyna gönükdirilen halkara resminamalaryň sekiz sanysyna gatnaşmak meselesine serediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 14-nji aprelde ýurduň ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara resminamalaryň sekiz sanysyna gatnaşmagy baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljak iş duşuşygy geçiriler.

Bu duşuşyga BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşar.

Türkmenistanda milletler bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmekde Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek möhüm bolup durýar. Bu düzümler bilen bilelikde dürli ulgamlarda yzygiderli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Ýurtda durmuşa geçirilýän ulag syýasatynda möhüm orun eýeleýän Ýewraziýa giňişliginde ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we netijeli peýdalanmak meselelerine hem uly üns berilýär.

Şeýle-de 16-njy aprelde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçiriler.

Maslahatyň gün tertibine awtorlyk hukugyny goramak hem-de ýokary okuw mekdeplerinde intellektual eýeçiliginiň esaslaryny okatmak we beýleki möhüm meseleler boýunça tejribe alyşmak meseleleri giriziler.