Türkmen we owgan demir ýollary ulgamynda ýük gatnawlary işjeňleşdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we owgan demir ýollary ulgamynda ýük gatnawlary işjeňleşdiriler
Akina–Andhoý demir ýoly Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň bir bölegidir.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystanyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygy meseleleri, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gurluşyk taslamasy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahata gatnaşyjylar Owganystandan üstaşyr geçýän ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek we wagonlaryň ulanylyşy hem-de “Lapis Lazuli” Ylalaşygyna gatnaşyjy agza ýurtlaryň arasynda ulag geçelgesini geljekde ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de demir ýol ulaglary ulgamynyň işgärlerine wiza resmileşdirmek meselelerine we beýleki meselelere hem seredildi.

Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow, owgan tarapyna bolsa, Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022