Eýranyň ilçisi Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň ilçisi Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy
Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylda sebitde söwdany ýeňilleşdirmek üçin işe girizildi.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales tranzit meselesine ünsi çekip, Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu barada penşenbe güni Eýranyň IRNA agentligi habar berdi.

Ilçi Maşatda Horasan Razawi welaýat guramaçylyk serhet komitetiniň agzalary bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda demir ýol we awtoulag pudagynda üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

“Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, esasan-da dürli ykdysady ugurlarda has-da giňeltmäge we bu pudakda bar bolan mümkinçilikleri ulanmaga doly taýýar” diýip, Arbab Hales sözüniň üstüni ýetirdi. “Eýran we türkmen resmileriniň dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we zerur şertleri döretmäge taýýardyr”.

Diplomat Eýranyň, esasan-da senagat, gurluşyk, oba hojalyk, ylym, tehniki we inženerçilik hyzmatlary we häzirki zaman ylym we tehnologiýa pudaklarynda serhetýaka welaýatlaryndaky mümkinçilikleriň iki ýurduň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin esas bolup biljekdigini belledi.

Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylda sebitde söwdany ýeňilleşdirmek üçin işe girizildi.

2022