BMG Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystan boýunça gepleşikler geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystan boýunça gepleşikler geçirdi
Türkmenistanda 20-nji fewralda Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, 2020–2022-nji ýyllary öz içine alýan ýörite maksatnama tsasyklandy.

Türkmenistan BMG-niň Sekretariaty tarapyndan gurnalan Owganystanda parahatçylygy goldamak ugrundaky sebitleýin tagallalar boýunça sekiz ýurt bilen bir hatarda onlaýn gepleşige gatnaşdy.

Penşenbe güni geçirilen pikir alyşmalar “owgan içi gepleşikleri geçirmek arkaly Owganystanda parahatçylygyň berkarar edilmegine, Owganystany goldamakda sebitleýin hyzmatdaşlygyň wajyplygyna” gönükdirildi diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat-sekretary Stefan Dýužarrik brifingde belledi.

Wideo görnüşinde geçirilen ýygnaga Owganystan, Hytaý, Eýran, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, ABŞ we Özbegistan gatnaşdy.

Dýužarrigiň aýtmagyna görä, gepleşikleriň şu görnüşi Owganystanyň durnukly ösmeginde sebitiň wajyp ornunyň bardygyny ykrar edip, döwletleri birleşdirdi.

“Duşuşyga gatnaşyjylar abadançylygy, howpsuzlygy we gülläp ösüşi gazanmakda Owganystan bilen raýdaşlygy saklaýandygyny belledi, aýratyn-da, wirusyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň häzirki zerur şertlerinde parahatçylygy döretmek üçin çäreleri görmelidigi hakynda Baş sekretaryň çagyryşyny goldady” diýip, wekil sözüniň üstüne goşdy.

“Birleşen Milletler Guramasy mätäçlik çekýän adamlaryň ýaşaýşy üçin zerur kömegi bermäge taýýar we Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ygrarlydyr” diýip, Dýužarrik belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti 20-nji fewralda goňşy Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, 2020–2022-nji ýyllary öz içine alýan ýörite maksatnamany tassyklamak baradaky Karara gol çekdi.

2022