Ukraina ilkinjileriň hatarynda elektron pasportlary kanunlaşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukraina ilkinjileriň hatarynda elektron pasportlary kanunlaşdyrdy
“Dia” applikasiýasyndaky e-pasportlar kagyz resminamalarynyň sanly görnüşi diýlip kabul edilýär. (Surat: Sanly transformassiýa ministrligi)

Ukrainanyň Ministrler Kabineti “Dia” applikasiýasynda ýurduň raýatlarynyň sanly pasportyny resmi taýdan ykrar etdi. Bu barada ýurduň Sanly transformassiýa ministrligi habar berýär.

“Ukrain raýatlarynyň pasportlarynyň kart şeklindäki elektron görnüşiniň hem-de Ukrain raýatlarynyň pasportlarynyň daşary ýurt üçin elektron görnüşiniň barlag taslamasyny ulanmak hakyndaky” karar 15-nji aprelde tassyklandy.

Karara laýyklykda, “Dia” applikasiýasyndaky e-pasportlar kagyz resminamalarynyň sanly görnüşi diýlip kabul edilýär.

Sanly transformassiýa ministrligi ýakyn günlerde “Dia” applikasiýasynyň mobil görnüşleriniň hem peýda boljakdygyny aýdyp, munuň diňe Ukrainada hereket etjekdigini we daşary ýurt pasportynyň milli resminama bilen deň hukuga we güýje eýe boljakdygyny belledi.

Häzirki wagtda 17 müňden gowrak ukrain e-pasportlaryny barlag edýär.

Ýurduň hökümeti bu resminamalar bank amallary ýerine ýetirilende, uçar ýa-da otly bilen syýahat edilende, poçta hyzmatlary alnanda we lukmançylyk hem-de myhmanhana hyzmatlary amala aşyrylanda şahsyýeti anyklamak üçin ulanylyp bilinjekdigini mälim etdi.

Ministrligiň habaryna görä, sanly pasportlary kitaphanalarda, aragatnaşyk hyzmatlarynda, “Dia” portalynyň administrasiýasyna girilende we döwlet hyzmatlary alnanda, şeýle-de harytlar yzyna gaýtarylanda ulanylyp bilinýär.

Habara laýyklykda, Ukraina sanly pasporty ulanyp, şol bir wagtda, kagyz ýa-da plastik görnüşlerinden peýdalanmagyň zerurlygy bolmadyk ilkinji ýurtdur. Häzirki wagtda “Dia” applikasiýasynyň ulanyjylarynyň sany 2.1 milliondan geçdi.

2022