Aşgabat bilen YHÖG ýurtdaky we dünýädäki ykdysady ýagdaýy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen YHÖG ýurtdaky we dünýädäki ykdysady ýagdaýy maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen YHÖG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şol sanda amala aşyrylýan taslamalar we çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Global aragatnaşyklar sekretariatynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy William Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHÖG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şol sanda amala aşyrylýan taslamalar we çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ösdürilmegi bilen bagly meselelere seredildi.

Dünýäniň ykdysady ýagdaýyna täsir edýän howplar we wehimler barada gürrüň edip, taraplar olaryň netijeli çözülmegi ugrundaky bilelikdäki çärelere seredip geçdiler we ykdysady integrasiýasynyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.  

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň halkara guramasy bolup, oňa 36 döwlet agzadyr.

Guramanyň esasy wezipesi dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine, agza ýurtlaryň ykdysady ösüşine we ähliumumy ykdysady ösüşe olaryň goşýan goşandyny artdyrmakdan, şeýle-de gurama agzasy bolmadyk beýleki ýurtlaryň ösüşine goldaw bermekden ybaratdyr.