Dünýäniň moda öýleri lukmançylyk maskalarynyň önümçiligine geçýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäniň moda öýleri lukmançylyk maskalarynyň önümçiligine geçýär
“Louis Vuitton” saglyk pudagynyň işgärlerini goramak üçin “ýüzlerçe müň hirurgiki däl maskalary öndürmek” maksady bilen Fransiýadaky birnäçe kärhanalaryny gaýtadan gurnaýandygyny aýtdy. (Surat: “Louis Vuitton”)

“Louis Vuitton”, “Burberry” we “Chanel” ýaly dünýä moda öýleri koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde öňdäki hatarda orun alýanlar üçin gorag eşiklerine serişde goýberýärler. Bu barada geçen hepde CNN habar berdi.

Fransuz moda brendi “Louis Vuitton” saglyk pudagynyň işgärlerini goramak üçin iş eşikleriniň üpjünçiligini artdyrmak boýunça global tagallalara goşulýandygyny aýtdy. Kompaniýa onlaýn sahypasynda saglygy goraýyş işgärleri üçin “ýüzlerçe müň hirurgiki däl maskalary öndürmek” maksady bilen Fransiýadaky birnäçe kärhanalaryny gaýtadan gurnaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem kompaniýa gyssagly gorag enjamlaryna mätäç bolan Pariždäki alty hassahana üçin müňlerçe halatlary öndürendigini we gowşurandygyny mälim etdi.

Britan moda markasy “Burberry” hem egin-eşik öndürýän enjamlarynyň käbirini maska çykarýan enjama öwürdi. Kompaniýa global üpjünçilik zynjyryny “saglyk işgärleri tarapyndan ulanmak üçin Beýik Britaniýanyň Milli saglyk gullugyna 100,000 hirurgiki maskalaryň iberilmegini çaltlandyrmak üçin” ulanýandygyny aýtdy.

“Burberry” britan hassahanalarynda bejergi alýan näsaglara niýetlenen lybaslary we maskalary öndürmek üçin Ýorkşirdäki palto zawodyny täzeden gurnandygyny hem belledi.

Beýleki bir fransuz moda öýi “Chanel” hem lukmançylyk maskalarynyň önümçiligine goşant goşýandygyny aýtdy. Geçen aý bu kompaniýa çig mal satyn almak we nusgany tassyklamak üçin döwletden rugsada garaşýandygyny belläp, markanyň moda kolleksiýalaryny taýýarlaýan tikinçi hünärmenleriniň hassahana lybaslaryny we maskalary öndürmäge başlajakdygyny habar berdi.

2022