Türkmenistan we Azerbaýjan portlary maglumat alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Azerbaýjan portlary maglumat alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenbaşy portunyň ýük gözegçilik bölüminiň sargytlary esasynda, Baku portunyň gözegçilik bölümi “WCO ContainerComm” programmasy arkaly Azerbaýjandan Türkmenistana gelýän gämileriň resminamalarynyň sanawyny berdi.

Aprel aýynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň (UNODC) we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasynyň” çäklerinde UNODC-niň Merkezi Aziýa boýunça bölümi Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz söwda portunyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirdi. Bu barada UNODC sişenbe güni habar berdi.

Habara laýyklykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük gözegçilik bölüminiň sargytlary esasynda, Baku portunyň gözegçilik bölümi “WCO ContainerComm” programmasyny ulanmak arkaly Azerbaýjandan Türkmenistana gelýän gämileriň resminamalarynyň we ýolagçylarynyň sanawyny berdi.

UNODC-a görä, ýokardaky agzalanlar COVID-19 döwründe sebitleýin hyzmatdaşlygyň ýerlikli mysalydyr.

“ContainerComm” gatnaşyjy ýurtlarda ýa-da portlarda ygtyýarlandyrylan ulanyjylaryň arasynda kodlaşdyrylan maglumatlary alyş-çalyş etmegi aňsatlaşdyrýan, amatly onlaýn aragatnaşyk platformasydyr.

“Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasy” 2004-nji ýylda UNODC we Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan döredildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu maksatnama 2009-njy ýylda goşuldy.

2022