HPG Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlary bilen ykdysadyýeti maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
HPG Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlary bilen ykdysadyýeti maslahatlaşdy
Taraplar wideo aragatnaşyk arkaly özara gyzyklanma bildirilýän ykdysady häsiýetli meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde penşenbe güni Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Merkezi bankynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň döwletleriniň maliýe we ykdysadyýet ministrleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirilýän ykdysady häsiýetli meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.Taraplar sebit we halkara gün tertibi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan hökümet derejesinde täze görnüşli wirusyň pandemiýasy zerarly ýüze çykan global çökgünligiň ýaramaz täsirleriniň peseldilmegi üçin durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda hem gürrüň edildi.

Dünýäniň ykdysady ýagdaýyna täsir edýän howplar we wehimler barada gürrüň edip, taraplar olaryň netijeli çözülmegi ugrundaky bilelikdäki çärelere seredip geçdiler we ykdysady integrasiýasynyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.