Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda “Uly ynam” daýhan hojalygy gidroponika usulynda ot-iým ýetişdirmegi özleşdirdi.
Daýhan hojalygynyň müdiri Merdan Atdaýewiň aýtmagyna görä, her günde uly mala iki kilogram, bir ýylda bolsa, 730 kilogram arpa gerek. Gidroponika usulynda bir kilogram arpadan alty günde 6-7 kilogram iým öndürip bolýar. Onda 15-20 göterime çenli protein bolup, künjara ýaly iýmleri çalşyp bilýär.
“Adatça, iri şahly malyň bir başyny ýylboýy ot-iým bilen üpjün etmek üçin bir gektar ýer gerek bolýar. Gidroponika usulynda bolsa, munuň üçin 0,5-1 inedördül metr ýer ýeterlikdir” diýip, Atdaýew belledi.
“Gidroponika usuly dünýäde ekologiýa taýdan arassa önümçilik hasaplanyp, mal bakmagyň bu usuly 180-200 göterim düşewüntlidir. Ýakyn geljekde bir gektar ýerde ýyladyşhana gurup, önümçiligi giňeltmegi, isleg bildirýänlere önümi ýerlemegi göz öňünde tutýarys” diýip, Atdaýew daýhan hojalygynyň geljekki maksatnamasy barada gürrüň berdi.
“Uly ynam” daýhan hojalygy 2016-njy ýylda döredildi. Hojalyga degişli meýdanyň iki gektara barabar bolan maldarçylyk toplumynda 370-e golaý simmental hem-de golştin tohumly iri şahly mallar ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl olardan ilkinji nesil – 80 göle alyndy. Häzirki wagtda hojalykda 30 töweregi işgär zähmet çekýär.
Gidroponika ösümlikleri topraksyz, emeli gurşawda ösdürip ýetişdirmegiň bir usulydyr. Gidroponika yssy, gurak şertlerde, suwy tygşytlap, bol hasyl almak üçin iň netijeli çözgüt hasaplanýar. Suwuň gyt ýerlerinde, şol sanda BAE, Ysraýyl, Kuweýt ýaly döwletlerde bu usul giňden ulanylýar. Ysraýylda gök önümleriň, otlaryň, miweleriň 80 göterimi gidroponika usulynda ýetişdirilýär.