Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) wekilleri geçen penşenbe güni sanly wideo aragatnaşyk arkaly hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Kioto konwensiýasy diýlip atlandyrylýan gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we utgaşdyrmak boýunça halkara konwensiýasyna goşulyşmak meselesi boýunça pikir alşyldy. Aýratyn-da, taraplar konwensiýa goşulmak bilen baglanyşykly berjaý edilmeli talaplara garadylar.
Türkmen tarapyndan döwlet serhedindäki gümrük gözegçiligini gurnamagy kämilleşdirmek boýunça BGG-niň öňdebaryjy tejribesini öwrenmekde we özleşdirmekde, şeýle hem, bu ugurda milli kanun çykaryjy esaslaryny özgertmek maksady bilen, Guramanyň düzümindäki bölümçeleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly gyzyklanma bildirildi.
Taraplar gümrük işi bilen bagly milli we halkara hukuk binýadyny has-da berkitmek, bu ugurdaky bar bolan kanunçylyk namalaryny seljermek we täze zerur resminamalary işläp taýýarlamak boýunça tagallalary dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.
Kioto konwensiýasy gümrük pudagyndaky iň möhüm halkara hukuk resminamalarynyň biri bolup, ol gümrük syýasatynyň bütewi ýörelgelerini döretmegi maksat edinýär.