Özbegistan Owganystana tizleşdirilen ýük otlusyny işe girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan Owganystana tizleşdirilen ýük otlusyny işe girizdi
Otly Daşkentden çykyp, Owganystanyň demirgazygyndaky Haýraton serhetýaka şäherine barýar. (Surat: “Uzbekiston temir ýullari”)

Özbegistanyň milli demir ýol gatnawy bolan “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýeti Owganystana tizleşdirilen ýük otlusynyň yzygiderli hereketini ýola goýdy.

Otly Daşkentden çykyp, Owganystanyň demirgazygyndaky Haýraton serhetýaka şäherine barýar. Özbek kompaniýasynyň habaryna görä, ýük otlusynyň bir bölegi paýtagtda ýygnanýar we galan ýük wagonlary sebitlerde seplenilýär.

Özbegistanyň milli demir ýollarynyň aýtmagyna görä, ozal Daşkentden Owganystana iberilen wagon 5-6 günüň dowamynda ýetýärdi. Täze tizleşdirilen ýük otlusy, Daşkentden Haýraton wokzalyna iki günde ýük eltip biler. Bu otly hepdede üç gezek gatnar.

Ilkinji tizleşdirilen ýük otlusy 16-njy aprelde Owganystana ugrapdy. Şu güne çenli eksporta niýetlenen milli önümler bilen jemi 218 wagonly dört otly iberildi.