Türkmenistan Milli meýletin synlar boýunça global sessiýa geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Milli meýletin synlar boýunça global sessiýa geçirdi
BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynda “Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli görkezijiler we Milli meýletin synlar” atly global sessiýa geçirildi.

BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynda duşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde “Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli görkezijiler we Milli meýletin synlar” atly global sessiýa geçirildi.

Wideomaslahatyň maksady döwletleriň Milli meýletin synlaryny (MMS) taýýarlamaklarynyň häzirki tapgyrynda BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlary bilen özara baglanşygynyň çygrynda ileri tutýan milli aýratynlyklarynyň aýdyňlaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Onlaýn duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanda BMG tarapyndan hyzmatdaşlaryň hem-de ýurduň Hökümetiniň, Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we işewür toparlarynyň giňden çekilmegi bilen Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi hem-de MMS-iň taýýarlygy boýunça milli derejedäki degişli geňeşmeler ulgamlaýyn esasda geçirilýär diýip belledi.

Maslahata Türkmenistandaky BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2020-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekildi.

2022