Türkmenistan bilen ÝB täzelenen sebit Strategiýasy boýunça pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen ÝB täzelenen sebit Strategiýasy boýunça pikir alyşdy
Brýusselde geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistan we ÝB parlamentarileri täzelenen sebit Strategiýasyna seredipdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sişenbe güni sanly wideo aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikir alyşdylar, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň hemmetaraplaýyn özara hereketleriniň hem-de özara goldawlarynyň zerurlygyny nygtadylar.

Onlaýn-söhbetdeşlikde, şeýle-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine seredilip geçildi. Hususan-da, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulan beýleki bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meredow hem Buriýan ýurduň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna degişli bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.

ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň maksatlarynda hem-de wezipelerinde howpsuzlyk hem-de söwda-ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň baş diplomaty duşenbe güni ÝB-niň ýurtdaky ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirip, onda halkara ýük daşamalary boýunça pikir alyşdylar.

2022