“GS1 Türkmenistan” guramanyň sebitleýin bileleşiginiň ilkinji onlaýn mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“GS1 Türkmenistan” guramanyň sebitleýin bileleşiginiň ilkinji onlaýn mejlisine gatnaşdy
Türkmenistana “483” belgisi ýurduň prefiksi hökmünde (kody) berildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji gezek 29-30-njy aprel aralygynda “GS1 in Europe” Sebitleýin bileleşigiň müdiriýetiniň geňeşi geçirildi. Oňa milli guramalaryň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, “GS1 Türkmenistanyň” ýolbaşçysy Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar häzirki wagtda we öňümizdäki ýyllarda guramanyň öňünde durýan wezipeleri barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, 2019-njy ýylyň maliýe hasabaty biragyzdan tassyklandy we “GS1 in Europe” Sebitleýin bileleşigiň köpsanly taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, býujet meseleleri, şeýle hem guramaçylyk işleri bilen bagly tekliplere garaldy.

Mejlisiň barşynda giň geografiki meýdany gurşap alan we köp ýurtlaryň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetiren COVID-19 pandemiýasy döwründe milli guramalaryň işleýiş tertibi barada habar berildi. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen “GS1 in Europe” Sebitleýin bileleşigiň çärelerini geçirmek mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Mälikgulyýewanyň belleýşi ýaly, “GS1 Türkmenistan” öz işini durnukly, adaty tertipde, maslahat berilýän ähli öňüni alyş çärelerini berjaý etmek bilen alyp barýar.

Şeýle-de milli guramalaryň ýolbaşçylary 2023-nji ýyla çenli ähli döwletleri we guramanyň agzalaryny çyzykly şertli belgileriň berilişini “GS1 Activate” binýadyna integrirlemek bilen onlaýn tertibinde üpjün etmäge borçlandyrýan taslamany goldadylar.

2022