GDA-nyň Baş diplomatlarynyň geňeşi wideomaslahat görnüşinde geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA-nyň Baş diplomatlarynyň geňeşi wideomaslahat görnüşinde geçiriler
Mejlisiň dowamynda 2020-nji ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köp derejeli geňeşmeleriň meýilnamasyny tassyklamak göz öňünde tutulýar. (Surat: GDA)

12-nji maýda Özbegistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň (GDA DIMG) mejlisi geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

GDA-nyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň we Arkalaşygyň çäklerinde özara hereketiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşar, guramanyň işiniň wajyp ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga degişli meseleleriň giň toplumyna sereder.

Mejlisiň dowamynda 2020-nji ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köp derejeli geňeşmeleriň meýilnamasyny tassyklamak göz öňünde tutulýar. Resminamanyň taslamasyna GDA-nyň beýleki halkara guramalar bilen özara hereketi, maglumat gurşawy, häzirki zamanyň täze wehimlerine garşy göreş, şeýle-de ýaragsyzlandyrmak ýaly meseleler girizilendir.

Ondan başga hem mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ulgamynda 2021 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyny ösdürmek strategiýasynyň taslamalary, şeýle-de 2021–2025-nji ýyllar üçin medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň esasy çäreleriniň taslamasy hödürlener.

Gatnaşyjylar korrupsiýa garşy hereket etmekde GDA girýän ýurtlaryň hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşygyň taslamasyna hem serederler.