Türkmen kompaniýasy boýag we ýelim kärhanasyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy boýag we ýelim kärhanasyny gurar
“Galkynan ykbal” boýag we kafel ýelimini öndüriji kärhanany gurmakçy.

“Galkynan ykbal” hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynda boýag we kafel ýelimini öndüriji kärhanany gurmagy meýilleşdirýär.

Bu işleri amala aşyrmak üçin hususy kärhana demirgazyk welaýatynda uzakmöhletlik peýdalanmak üçin bir gektar ýer bölünip berildi.

Sebitde dürli maksatlara niýetlenen gurluşyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär. Olaryň hataryna kafel plitalary, keramika kerpiçleri we metaldan bezeg serişdeleri öndürýän kiçi-zawodlar girýär.

Şeýle-de welaýatyň çäginde “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasy kuwwaty ýylda üç müň kub metr demirbeton önümlerini, şol sanda dürli diametrli turbalary öndürýän kärhananyň gurluşygyny alyp barýar.

Geçen ýyl Daşoguz welaýatynyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän S.Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty ýylda 2 million sany keramiki-bezeg kerpijini öndürýän kärhana işe girizilipdi.

2022