“Ak-hünji” hususy kärhanasy ýerli çig maldan plastik listiniň önümçiligini ýola goýdy. Täze enjamlarda ekstruziýa usuly bilen täze materialyň synag tapgyry öndürildi.
Kärhananyň baş direktory Bekmämmet Çaryýewiň aýtmagyna görä, polipropilen listi köp pudaklarda ulanylýar. Ol howuzlaryň gurluşygynda, wentilýasion ulgamlarda, laboratoriýa enjamlary we iýmit gaplary öndürmekde giňden ulanylýar.
“Kärhanada gurnaýyş işleri tamamlanandan soňra günde iki tonna polipropilen listi öndüriler” diýip, Çaryýew aýtdy.
Esasy çig mal Balkan welaýatynda ýerleşýän polimer öndürýän gazhimiýa toplumyndan getirilýär.
Şu ýylyň aprel aýynda “Ak-hünji” hususy kärhanasyna Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) 1.8 million ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini bölüp berdi. Biznes-taslama täze sehiň gurluşygyny we ekstrudirlenen polistiroldan önümleri öndürmek üçin Italiýanyň awtomatlaşdyrylan önümçilik enjamlaryny satyn almagy göz öňünde tutýar.
“Ak-hünji” hususy kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyryp, ol häzirki wagtda ýurtda bezeg profillerini we sendwiç panellerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanýar.