Duşenbe güni Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Eýran bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Gazagystanyň prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Söhbetdeşlikde Prezident Ruhani Eýranyň Gazagystan bilen söwdany ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň we Hazar deňziniň üsti bilen multimodal transport geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Eýran tarapy ýük daşamagyň möçberini ýokarlandyrmak üçin bu ulag ýollarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki hereketleriň möhümdigini hem belledi.
Prezident Tokaýew hem öz gezeginde ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin hökümet derejesinde çäreleri işläp düzmegi teklip etdi.
Taraplar iki döwletiň COVID-19-a garşy alyp barýan çärelerine aýratyn üns berdiler.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Ruhani Tokaýewi Tährana resmi sapar bilen çagyrdy.
“Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanyşa girizildi.