Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi hem-de aýratyn maglumat hökmünde Guramanyň resmi dillerine terjime edilip ýaýradyldy.
Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 ýokanjynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen tekliplerine doly laýyk gelýändigi resminamada aýdylýar.
Hatda beýan edilen çäreler hakyndaky maglumata görä, Türkmenistan häzirki şertlerde döwletleriň arasynda söwda hem-de ykdysady gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurdygyna doly derejede düşünýär.
“Türkmenistanyň we onuň bilen goňşy döwletleriň utgaşykly çäreleriniň netijesinde, Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň işlemeginiň kadaly tertibi üpjün edildi” diýlip, resminamada aýdylýar.
Resminamada, şeýle-de “Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da, ýokanç kesellere garşy göreşde toplan tejribesi BSGG-niň işinde peýdalanylyp bilnerdi” diýlip bellenýär.
Bu yzygiderli ädimlerden ugur alyp, ýurduň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy işlenilip düzüldi.