“Total” Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky taslamalar bilen gyzyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Total” Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky taslamalar bilen gyzyklandy
100 ýyla golaý taryhy bolan “Total” kompaniýasynda 100 müňden gowrak hünärmen işleýär. (Surat: “Total”)

Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň we Fransiýanyň “Total” kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki gepleşiginde taraplar netijeli we ygtybarly özara hereketleriň ösüşiniň depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşlige türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew, “Тürkmengaz” we “Тürkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Daşary syýasat edarasynyň we beýleki pudaklaryň wekilleri, fransuz tarapyndan bolsa, “Total” kompaniýasynyň gözleg we çykaryş boýunça wise-prezidenti Stefan Mişel gatnaşdylar.

Gepleşikde energetika we uglewodorod çig mallary ulgamynda Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy we bu ugurda daşary ýurtly maýadarlar üçin giň şertleri döredýän döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi aýratyn nygtalyp geçildi.

Taraplar şonuň ýaly-da, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz bloklarynyň özleşdirilmeginiň hem-de bu ugur boýunça geologiýa-geofiziki maglumatlaryň binýadynyň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklaryna seredip geçdiler. Türkmenistanyň gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegine we ýakyn geljekde bilelikde amala aşyrmak üçin niýetlenen gazy gaýtadan işleýiş taslamalaryna maýa goýumlaryň çekilmeginiň meselelerine-de aýratyn üns berildi.

100 ýyla golaý wagt bäri iş alyp barýan “Total” dünýäniň iň iri ýedi sany hususy nebitgaz kompaniýasynyň biridir. Düzüminde 100 müňden gowrak işgär bolup, kompaniýa 130-dan gowrak ýurtda hereket edýär.

2022