Türkmenistanyň Merkezi banky bilen “Deutsche Bank” geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Merkezi banky bilen “Deutsche Bank” geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
“Deutsche Bank” 150 ýyl ozal döredilip, pul dolanyşygy we işgär sany boýunça Germaniýanyň iň uly bankydyr. (Surat: “Reuters”)

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy bilen “Deutsche Bank AG” bankynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartsyň arasynda çarşenbe güni wideomaslahaty geçirildi.

Maslahatda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleleri maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan üstünlikli özara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýeti nygtalyp, hil taýdan täze derejelere çykýandygyny bellediler.

Taraplar bilelikdäki taslamalary geljekde amala aşyrmakda ykdysady meseleler boýunça Hökümetara türkmen-german iş toparynyň ähmiýetiniň üstünde hem durup geçdiler.

Şeýle-de maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary dünýäde epidemiologik ýagdaýlara garamazdan, özara peýdaly gatnaşyklar esasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegine ynam bildirip, geljekde hem tagallalary birleşdirmeklige kanagatlanma bildirdiler.

“Deutsche Bank” Türkmenistanda hereket edýän bäş sany daşary ýurtly banklaryň biri bolmak bilen Gyýanlydaky polimer zawodynyň maliýeleşdirilmeginde ugrukdyryjy bank hökmünde çykyş etdi.

2022