ÝB bilen Merkezi Aziýa pandemiýa döwründe hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB bilen Merkezi Aziýa pandemiýa döwründe hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem-de häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda penşenbe güni wideo aragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem-de häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar. Taraplar bilelikdäki maksatnamalaýyn resminamalaryň amala aşyrylyşy hem-de ykdysady, energetika, ulag we ekologiýa pudaklaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada durup geçdiler.

Şeýle hem, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulan beýleki bilelikdäki çäreler barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäklerinde gatnaşyjylar sebit we halkara durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleler babatynda, dünýäde ýüze çykan howply ýagdaýa garşy göreşmekdäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we sebitde onuň durmuş-ykdysady täsiriniň netijelerini azaltmagyň wajyplygy babatynda pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek boýunça ýurduň başlangyjy bilen tanyşdyrdy, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy barada belledi.

2022