Inkoterms barada düşünje

BIZNES TÜRKMENISTAN
Inkoterms barada düşünje
“Inkoterms 2020”-de önümi eltmegiň binýatlyk şertleri daşary söwda geleşigindäki taraplaryň arasynda borçnamalaryň paýlanyşyna görä dört topara bölünýär.

Inkoterms – dünýä söwdasynda ulanylýan we önümi satyjydan alyja eltmek üçin daşary söwda şertnamasyndaky taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän 11 sany düzgündir.

Bu düzgünler dünýäde emele gelen täjirçilik tejribesini şöhlelendirýän, ilkinji üç harpy boýunça gysgaldylan daşary söwda adalgalarydyr.

“Inkoterms 2020” şu ýylyň birinji ýanwaryndan güýje girdi, emma häzirki wagtda köne görnüşlerini (redaksiýalaryny) hem ulanyp bolýar. Hut şonuň üçin önümi eltmegiň şertleri agzalanda anyk ýyly görkezmek bilen Düzgünleriň haýsy ýyla degişlidigi bellenmeli.

Inkoterms düzgünleri daşary söwda şertnamasynyň ornuny tutanok, diňe ony ep-esli gysgaltmaga we ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu düzgünler harytlara bolan eýeçilik hukugyň geçişini düzgünleşdirmeýär, önümiň birlik bahasyny ýa-da töleg usullaryny beýan etmeýär. Olar diňe harytlary daşamak, düşürmek üçin tölegler, gümrük taýdan resmileşdirilmek, salgytlary we paçlary tölemek, ätiýaçlandyryş, önüm ýiten we zaýalanan halatynda töwekgelçilikleri geçirmek ýaly meselelerde alyş-satyş geleşigindäki taraplaryň arasynda borçnamalaryň we maliýe çykdajylarynyň paýlanylyşyny üpjün edýär.

Täze görnüşde öňküden bir adalga hem aýrylmady we oňa täze adalga goşulmady, diňe ibermek şertiniň biriniň ady üýtgedildi: DAT indi DPU diýip atlandyrylýar. Bu şertiň adynyň üýtgedilmegi tehniki häsiýete eýedir. Öňki görnüşde bolşy ýaly käbir adalgalar diňe deňiz (derýa) daşamalarynda ulanylýar.

Ibermek şertleriniň iň ýaýraň görnüşi FCA üýtgedi. Onuň üýtgedilmegi indi geleşige gatnaşyjy taraplara “alyjynyň daşaýja satyja hat bilen deňiz konosamentini (deňiz üsti bilen iberilýän ýüküň kabul ediliş resminasyny) bermelidigini buýrup bilýändigini” şertleşmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, satyja akkreditiwiň şertlerini gysga wagtda ýerine ýetirmäge ýardam berer.

Şeýle-de üýtgeşmeler CIP şertlerine-de degip geçdi. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ýokarlandy we ätiýaçlandyrylýan harydyň bahasyndan 110% köp bolmaly edildi.

Täze görnüşde serhetde önümi gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça-da düşündirişler berildi, “ulagyň howpsuzlygy” diýen täze düşünje girizildi.

Düzgünleriň täze görnüşinde, satyja bolşy ýaly, alyja hem daşamak üçin öz ulagyndan peýdalanmaga rugsat berildi. Indi olara üçünji taraplar bilen ulag boýunça şertnama baglaşmak zerur däl.

“Inkoterms 2020”-de önümi eltmegiň binýatlyk şertleriniň dört topary bar, ýagny E, F, C we D. Olar daşary söwda geleşigindäki taraplaryň arasynda borçnamalaryň paýlanyşyna görä bölünýär.

E (ýükläp ugratma): EXW

F (esasy daşalyş alyjy tarapyndan tölendi): FCA, FAS, FOB

C (esasy daşalyş satyjy tarapyndan tölendi): CFR, CIF, CIP, CPT

D (eltip berme): DAP, DPU, DDP, DAT (2010-a degişli)

Inkotermsiň birinji görnüşi 1936-njy ýylda çep edildi. Soňra oňa 1953, 1967, 1976-njy ýyllarda üýtgeşmeler we düzedişler girizildi. 1980-nji ýyldan başlap, Inkoterms her 10 ýyldan düzedilip başlandy we degişlilikde 1990, 2000, 2010 we 2020-nji ýyllarda täzelendi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022