Berekediň ýod kärhanasy önümleriniň görnüşlerini 20-ä golaýlatdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Berekediň ýod kärhanasy önümleriniň görnüşlerini 20-ä golaýlatdy
Berekedi ýod kärhanasy ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş pagtanyň 500 müňüsini öndürmäge ukyplydyr.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky ýod önümçilik kärhanasynda öndürilýän önümleriň görnüşi 18-e ýetdi. Bu barada “Bereketli toprak” gazeti habar berýär.

Ýod zawodunyň çig maly dürli görnüşli magdanlara, himiki elementlere baý bolan Küren dagynyň etrabyň çägindäki ýerlerinden işlenip alynýar.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen abzallaşdyrylan kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş pagtanyň 500 müňüsini öndürmäge ukyplydyr.

Önümler içerki bazarlar bilen bir hatarda, esasan-da, Ukraina, Belarusa, Gruziýa, Täjigistana, Baltika ýurtlaryna, Azerbaýjana, Özbegistana we Owganystana iberildi. Geljekde bolsa, ýod önümlerini Hindistana ibermek hem meýilleşdirilýär.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň Bereket etrabynda ýerleşýän ýod önümçilik kärhanasy 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022