Türkmen kompaniýasy ulanylan tekerleri rezin düşeklerine öwürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ulanylan tekerleri rezin düşeklerine öwürýär
Rezin owuntyklary çagalar üçin oýun meýdançalary, ylgaw aýlawlaryny, pyýada ýörelgeleri, tennis we futbol meýdançalary düşemekde giňden ulanylýar.

“Jepbar Kompaniýasy” hususy kärhanasy Türkmenistanda ulanylan awtoulag tekerlerinden rezin owuntyklaryny öndürmäge başlady.

“Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda ýerleşýän awtoulag tekerlerinden rezin owuntygyny öndürýän kärhanada Hytaý kompaniýalarynyň ýörite enjamlary oturdylyp, olaryň önümçilik kuwwaty ýylda 2.5 müň tonna barabardyr” diýip, kompaniýanyň direktory Wladislaw Radionow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda aýtdy.

Radionowyň aýtmagyna görä, rezin owuntyklary 0.1 mm-den 0.5 mm-e çenli, 0.5 mm-den 1 mm-e çenli we 1 mm-den 3 mm-e çenli ölçegde öndürilýär. Taýýar önüm 25 kilogramlyk haltalarda gaplanýar.

“Biziň kärhanamyz rezin owuntygyny öndürmek bilen bir hatarda, ony düşemek hyzmatyny hem hödürleýär” diýip, Radionow belledi.

Kompaniýa ýakynda ulanylan tekerler bilen üpjün etmek boýunça “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşdy.

Rezin owuntyklary ekologiki taýdan arassa, howpsuz we tygşytly bolup, ol çagalar üçin oýun meýdançalary, ylgaw aýlawlaryny, pyýada ýörelgeleri, tennis we futbol meýdançalary düşemekde giňden ulanylýar.

“Jepbar Kompaniýasy” hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri hereket edýär.