Türkmenbaşy jins toplumy tomus üçin “dem alýan” eşikleriň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy jins toplumy tomus üçin “dem alýan” eşikleriň önümçiligine başlady
“Bedew” jins eşikleriniň täze tapgyry 31-nji maýda geçirilen haly önümleriniň sergisinde görkezildi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenbaşy jins toplumy tomus möwsümi üçin täze eşikleriň önümçiligine girişdi. Erkekler, zenanlar we çagalar üçin jins matasyndan tikilen dürli eşikler lazer tehnologiýasy bilen nagyşlanyp, ilata ýetirilýär.

Toplumyň tikinçilik fabriginde oturdylan Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň enjamlary arkaly döwrebap dizaýnly hem-de tomusda geýmäge ýakymly “dem alýan” eşikler tikilýär diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berýär.

“Dünýä modasynyň esasy ugurlaryna ymtylmagymyz biziň eşiklerimize bolan talabyň ýokarlanmagyna itergi berýär” diýip, jins toplumynyň meýilnama bölüminiň hünärmeni Nurjahan Begjanowa aýdýar. “Bize “Colin’s”, “Zolla”, “Modis” ýaly dünýä brendleriniň sargytlaryny ynanýarlar”.

Begjanowanyň bellemegine görä, täze görnüşler “Colin’s” we “Zara” kompaniýalarynyň esasynda işlenip taýýarlandy. Eşikleriň her bir nusgasyna bolsa, müşderileriň isleglerine laýyklap, Ýewropanyň modalaşan aksesuarlary dakylýar.

Jins toplumy ISO 9001 “Önümçilik dolandyryş we hil gözegçilik ulgamy”, ISO 14001 “Daşky gurşawy goramak” we OHSAS 18001 “Kärhanada zähmet hukuklaryny goramak we tehniki howpsuzlyk üpjünçiligi” sertifikatlaryna eýedir. Şeýle-de, bu ýerde WRAP “Egin-eşik önümçiliginde bütindünýä derejesindäki jogapkärçilik” standarty ulanylýar.

Türkmenbaşy jins toplumy tapgyrlaýyn guruldy. 1995-nji ýylda reňk beriji we dokmaçylyk fabrikleri işe girizilen bolsa, 1997-nji ýylda egirme we tikinçilik fabrikleri ulanyşa berildi. Tutýan meýdany 21.5 gektar bolan toplumda ýylda 9 müň tonna ýüplük, 17 müň inedördül metr mata we 1 million 875 müň jins önümleri öndürilýär. Bu ýerde 3 müňe golaý hünärmen zähmet çekýär.