Türkmen-eýran serhedinde täze köpri ulanyşa girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-eýran serhedinde täze köpri ulanyşa girizildi
Köpriniň uzynlygy 96 metr bolup, onuň ini 15.1 metre barabardyr. (Surat: IRNA)

Duşenbe güni türkmen-eýran serhediniň çägindäki “Sarahs–Sarahs” barlag goýberiş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada türkmen DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary wezipeli wekilleriniň arasynda onlaýn gepleşigi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri, şeýle-de Ahal welaýatynyň häkimi, eýran wekiliýetine Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri, Horasan-e Razawi welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşigiň barşynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan täze awtomobil köprüsiniň açylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtap, taraplar söwda-ykdysady, ulag we beýleki möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny bellediler.

Taraplar ulag ýollarynyň açylmagynyň häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedigini, şunuň ýaly hereketleriň iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň sazlaşykly işleriniň netijesi bolup durýandygyny hem bellediler.

Köpriniň uzynlygy 96 metr bolup, onuň ini 15.1 metre barabardyr.