Türkmen bazarynda himiýa serişdeleri we çygly süpürgiçleri bilen adygan “Täç hil” hususy kärhanasy ýurtda ilkinji gezek zyýansyzlaşdyryjy gel serişdelerini öndürmäge başlady.
Kompaniýanyň hünärmeni Haknazar Haljanow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda bu serişdeleriň özüniň aýratyn düzümi bilen bakteriýalary 99.9% ýok etmäge ukyplydygyny aýtdy.
“El üçin gigiýeniki goraýjy serişdesi diňe bir zyýanly bakteriýalary ýok etmek bilen çäklenmän, eýsem, ellerimizi birnäçe sagadyň dowamynda bakteriýalardan hem gorap saklar” diýip, Haljanow önümiň aýratynlygy barada gürrüň berdi.
Täze zyýansyzlandyryş serişdeleri maý aýynda öndürilip başlandy we iýun aýynda ýurduň ululy-kiçili söwda nokatlarynyň ençemesine ugradyldy. Geljekde täze serişdäni daşarky bazarlara ibermek hem göz öňünde tutulýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Täç hil” kompaniýasy häzirki wagtda çygly süpürgiçleriň 28 görnüşi bilen birlikde, ýuwujy serişdeleriň dokuz, suwuk sabynlaryň bäş görnüşini öndürýär.
2006-njyïylda esaslandyrylan kompaniýa HALAL RC HL 17-009, ISO 22716, OHSAS 18001, ISO 9001, ISO 14001, ISO 10002 we GMP halkara sertifikatlaryna eýedir.