Türkmen Lideri Maryda hususyýetçiniň işine oňyn baha berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Maryda hususyýetçiniň işine oňyn baha berdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň alma bagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. (Surat: TDH)

Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni alma bagyny ösdürip ýetişdirýän “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanyna baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanyny hususy kärhananyň ýolbaşçysy Toýly Çaryýew garşylady we öz kärhanasynyň işi barada gürrüň berdi. Işewür 640 gektar ýeriň maldarçylyk üçin ulanylýandygyny habar berdi. Şonuň 630 gektarynda ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirilýär, 10 gektary bolsa, maldarçylyk toplumy üçin niýetlenendir.

Häzirki wagtda maldarçylyk toplumynda gurluşyk işleriniň dowam edýändigini aýdan Çaryýew Tatarystandan getirilen hem-de ýerli howa şertlerine uýgunlaşan ýokary öndürijilikli 300-e golaý iri şahly mallary saklaýandygyny belledi. Kärendeçi ýylyň ahyryna çenli mallaryň baş sanyny 750-ä çenli ýetirjekdigini hem aýtdy.

Mundan başga-da, ýene 300 gektar meýdanda üzümçilik, miweli baglar ýaýylyp gidýär hem-de gök-bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň miweli baglary gözden geçirmeginiň barşynda telekeçi bu ýerde bagçylyga, hususan-da, alma ýetişdirilmegine üns berilýändigini habar berdi. “Üç ýyl mundan ozal ekilen bag nahallary häzirki döwürde hasyl berip başlady” diýip, Çaryýew aýtdy.

Şeýle hem kärhananyň ýolbaşçysy ýurt Baştutanyna bu ýerleriň ozal şorlaşyp ýatan ýerlerdigini, ony doly özleşdirip, taba getirendiklerini habar berdi.

Hususy ekerançy häzirki döwürde kärhanasynda 55 adamyň işleýändigini, geljekde önümçilik kuwwatlyklaryny artdyryp, işgärleriň sanyny 150-ä ýetirmegi maksat edinýändigini hem habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta işewürligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi barada döwletiň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy hem-de telekeçä miweleriň beýleki görnüşlerini hem ösdürip ýetişdirmegi maslahat berdi.

Türkmen Lideri ýygnalyp alnan hasylyň gaýtadan işlenilişini guramagyň zerurdygyna ünsi çekip, hasylyň artyk galýan böleginden şerbetli içgiler, mürepbe taýýarlamak üçin peýdalanmagy teklip etdi.

Döwlet Baştutany şeýle hem ýurtda ýetişdirilýän gök, bakja we miweli önümleriň häzirki zaman barlaghanalarynda, olaryň ýokumlylyk derejesini kesgitlemegiň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

2022