Aşgabat we Pekin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça işjeňligi artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Pekin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça işjeňligi artdyrmakçy
Türkmen we hytaý diplomatlary ykdysady, söwda, nebit we gaz, telearagatnaşyk, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da artdyrmagy maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we Hytaý tarapyna ýurduň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giň göwrümli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýokary derejelerdäki duşuşyklary guramagyň we işjeňleşdirmegiň örän wajypdygyny hem belläp geçdiler.

Hususan-da, taraplar dünýäde ýüze çykan pandemiýa bilen bagly sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine garadylar.

Şeýle hem diplomatlar gün tertibiniň ykdysady, söwda, nebit we gaz, telearagatnaşyk, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet ýaly ulgamlary babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny alamatlandyrdylar. Bu ugurlarda her ýurduň ägirt uly kuwwatyny dolulygyna amala aşyrmaga mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý toparynyň nobatdaky mejlisiniň ýakyn geljekde geçirilmegi baradaky tagallalaryň işjeňleşdirilmegi dogrusynda hem ylalaşdylar.