Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB koronawirus döwründäki hyzmatdaşlyga seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB koronawirus döwründäki hyzmatdaşlyga seretdiler
Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çygryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles anna güni onlaýn görnüşinde gepleşik geçirdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çygrynda Ýewropa Bileleşiginiň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Gün tertibine girizilen meseleleriň ählisi babatynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary, şonuň ýaly-da türkmen tarapy tarapyndan BMG-niň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki köptaraplaýyn formatlarda öňe sürýän birnäçe sebit hem-de halkara başlangyçlary bellenilip geçildi.

Şeýle hem taraplar sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagynyň meselelerini, hususan-da Owganystanda durnuklylygyň ýola goýulmagy boýunça anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022