Türkmenistanda ýerli çig mallaryň esasynda täze önümçilikleriň üstünde işlenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýerli çig mallaryň esasynda täze önümçilikleriň üstünde işlenilýär
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi baý minerallaryň we çig malyň esasynda birbada birnäçe taslamanyň üstünde işleýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ýerli çig mallaryň esasynda metallurgiýa kremnisiniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

TDH-nyň habar bermegine görä, häzirki wagtda bu ministrlik baý minerallaryň we çig malyň esasynda senagat pudagyny ösdürmek boýunça birbada birnäçe taslamanyň üstünde işleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew ministrligiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda ýurtda alnyp barylýan gurluşyklar üçin degişli önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilýändigini hem habar berdi.

“Kärhanada öndürilýän demriň düzüminiň hilini hem-de berkligini üpjün etmek maksady bilen, zerur himiki goşundylary goşulýar” diýip, Durdylyýew hasabatynda belledi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Köpetdag sebitinde ýerleşýän “Mäne” ýatagyndan alynýan kwars çäge daşyny we demir gyryndylaryny hem-de nebit koksuny ulanmak arkaly himiki goşundyny öndürmek boýunça tejribe-synag işlerini geçirdi we oňyn netijeler aldy.

Hasabaty diňlän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli serişdeleriň senagat taýdan işjeň özleşdirilmegi hem-de täze önümçilikleriň ýola goýulmagy ýurtda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmaga hem kömek etjekdigini belledi.

Ýurt Baştutany täze önümleriň “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň ýörite barlaghanasynda degişli synagdan geçirilmelidigini hem-de bildirilýän talaplara we hil ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.