Türkmen Lideri COVID-19-yň öňüni almak we ykdysadyýeti goldamak meselelerine seretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri COVID-19-yň öňüni almak we ykdysadyýeti goldamak meselelerine seretdi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ykdysadyýet toplumynyň ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Pürli Agamyradowyň we Gadyrgeldi Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň türkmen ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy barada pikir alşyldy.

Wise-premýer Agamyradow saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giňişleýin maglumat berdi hem-de hasabatyň çäklerinde ýurtda koronawirus ýokanjynyň döremeginiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeleri barada aýtdy.

Ýurduň bilim ojaklarynda ykdysadyýetiň pudaklary üçin zerur bolan täze hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň täze usullaryny özleşdirmek barada hasabatda aýdyldy. “Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýyly üçin giriş synaglaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar”.

Ýurt Baştutany howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärler üçin giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Müşşikow häzirki döwürde bank-maliýe toplumynyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýet toplumynyň ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi hem-de türkmen ykdysadyýetini täzeçil usullar arkaly ösdürmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýarym ýylyna bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy we häzirki çylşyrymly şertlerde gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle-de bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

2022