Türkmen we rus işewürleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tekliplere seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we rus işewürleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tekliplere seredildi
TSTB-niň ýolbaşçylary miwe we gök ekinleriniň tohumlaryny hem-de miweler üçin sowadyjy gurluşlary üpjün etmekde özara gatnaşygy gurnamagyň meseleleriniň üstünde durup geçdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow penşenbe güni onlaýn tertipde gepleşikler geçirdi. Bu barada TSTB-niň resmi saýty habar berýär.

Gürrüňdeşligiň barşynda TSTB-niň başlygy we halkara bölüminiň ýolbaşçysy maldarçylyk we ekerançylyk ulgamlaryndaky, hususan-da weterinar serişdelerini, miwe we gök ekinleriniň tohumlaryny hem-de miweler üçin sowadyjy gurluşlary üpjün etmekde özara gatnaşygy gurnamagyň meseleleriniň üstünde durup geçdiler.

Öz gezeginde Russiýanyň söwda wekili ýükleri gämi arkaly daşamak üçin täze logistika ugurlaryny döretmek boýunça tekliplerini paýlaşdy, şeýle hem iki ýurduň kärhanalarynyň arasynda göni işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin iş alyp barmaga taýýardygyny aýtdy.

Taraplar toplanylan tejribäni we geljegi uly bolan meýilnamalary nazara almak bilen türkmen-rus işewür toparlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegini goldap, bu baradaky pikirlerini beýan etdiler.

2022