Türkmenistanyň Prezidenti “Lapis Lazuli” geçelgesinde bitewi nyrh syýasatyny teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Lapis Lazuli” geçelgesinde bitewi nyrh syýasatyny teklip etdi
Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe (“Lapis Lazuli”) ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasy barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew penşenbe güni wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn gepleşik geçirdiler.

Wideomaslahatda Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe (“Lapis Lazuli”) ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasy barada pikir alşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Wideomaslahatyň barşynda üç ýurduň Baştutanlary transkontinental üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ählumumy durnukly ösüşe bütinleý hyzmat etjekdigini bellediler.

Türkmen Lideri Türkmenistan, Owganystan we Azerbaýjan COVID-19-yň ýaýramagyna garşy gönükdirilen halkara tagallalarynyň çäklerinde bilelikde netijeli iş alyp barandyklaryny belledi.

Döwlet Baştutany üç ýurduň kontinental ýollaryň çatryklarynda ýerleşýän ýurtlardygyny belledi. “Biri-birinden uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän biziň döwletlerimiziň çäklerinden gündogarda – Günorta Aziýa we Aziýa Ýuwaş ummany sebitine; günbatarda – Gara we Ortaýer deňizlerine; günortada – Eýranyň üsti bilen Ýakyn Gündogara; demirgazykda – Russiýanyň üsti bilen ondan aňryk Baltika deňziniň kenarlaryna çykalgalar bardyr”.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen “Lapis Lazuli” hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy ägirt uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, “Ymamnazar” we “Serhetabat” gözegçilik geçiriş nokatlarynyň mümkinçilikleri barada belledi.

Şonuň bilen bir hatarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow üç ýurduň arasynda bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny hem-de bu syýasatyň esasyny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň ählisi üçin deň bolan ýokary derejede amatly ykdysady we maliýe şertlerini döretmäge çalyşmalydygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň üstaşyr geçiriş üçin nyrhlary peseltmek, ýükler saklananda hyzmatlaryň käbir görnüşleri üçin töleglerden boşatmak ýaly dürli ýeňillikleri özara bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp biljekdikleri nygtaldy.

Türkmen Lideri “Bitewi äpişge” ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi hem teklip etdi.

Söhbetdeşlikde Prezidentler Ilham Aliýew hem-de Mohammad Aşraf Gani türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän ulag-kommunikasiýa taslamalarynyň tutuş sebitiň durnuklylygyny pugtalandyrmakda uly goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.