“Ýigit” hojalyk jemgyýeti şu ýyl 10 müň tonna gök önüm öndürmegi meýilleşdirýär. Şu ýylyň alty aýynda kärhana Niderlandlaryň “Merlice”, “Tomimaro Mucho” we “Juanita” pomidor görnüşleriniň 2.8 müň tonnasyny eksport etdi hem-de 3.8 müň tonnasyny ýurduň içerki bazaryna ýerledi. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti anna güni habar berdi.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda bölünip berlen müň gektar ýeriň 34 gektarynda “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýyladyşhana toplumyny gurdy. Kompaniýa 600 gektar ýeri özleşdirip, däne we gök ekinleri ösdürip ýetişdirmäge başlady.
Şu ýyl kompaniýa özleşdirilen ýerlere ekilen däne hem-de gök ekinlerden 150 tonna mäş, 300 tonna ýarma, 90 tonna gawun hem-de garpyz almagy meýilleşdirýär. Geljek ýyl kompaniýa özleşdirilen ýerlerde ýeralma, sogan we bakja ekinleri ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýar.
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti öndürýän önümlerini Owganystana, Russiýa, Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyzystana we Birleşen Arap Emirliklerine eksport edýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň düzüminde 500 adam zähmet çekýär.
Hojalyk jemgyýeti 2008-nji ýylda döredilip, 2016-njy ýyldan bäri oba hojalyk bilen meşgullanyp gelýär.
“Ýigit” Moskwa şäherinde geçirilen “Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň ýyladyşhana toplumlary” atly 4-nji halkara maýa goýum forumyna gatnaşyp, “GDA ýurtlarynda ýyladyşhana pudagynda innowasion öňegidişlik” ugry boýunça sylagyny we diplomyny aldy.