“Altyn damja” alkogolsyz içgileriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn damja” alkogolsyz içgileriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
“Altyn damja” agyz suwuny öndürýän karhanasy geljekde 0.33 ml möçberdäki çüýşelerde arassalanan agyz suwuny öndürmekçi.

“Altyn damja” agyz suwuny öndürýän kärhanasy geljekde 0.33 ml möçberdäki çüýşelerde arassalanan agyz suwuny öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada çarşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda kärhana “Altyn damja” haryt nyşanly arassalanan agyz suwuny 5 we 1.5 litrlik çüýşelerde welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hödürleýär.

Kärhananyň önümçiliginde ýokary hilli önüm öndürmek üçin Italiýanyň döwrebap tehnologiýalary peýdalanylýar. Onuň düzüminde üç sany bölüm we bir sany çüýşeleri arassalaýyş hem-de zyýansyzlandyryş bölümi hereket edýär.

“Biz önümçilikde önümiň hiline hem-de ekologiki arassalygyna üns berýäris. Munuň üçin kärhanada Gotur-ata tebigy çeşmesiniň suwy we täze tehnologiýalar peýdalanylýar” diýip, agyz suw öndürýän kärhananyň bölüm ýolbaşçysy Merdan Kakageldiýew aýtdy.

Kärhanada agyz suwy bilen bir hatarda, miwe şiresiniň alty görnüşiniň önümçiligi hem ýola goýuldy. Şu ýyl kärhana alkogolsyz içgileriň tarhun, dýuşes we malina tagamly görnüşlerini öndürmäge başlady.