Türkmenistan rus kompaniýasyndan 14 müň tonna güýzlük ýeralmanyň tohumyny alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan rus kompaniýasyndan 14 müň tonna güýzlük ýeralmanyň tohumyny alar
2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 21 müň gektarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinleri ekiler.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 14 müň tonna güýzlük ýeralmanyň tohumyny satyn almak barada Russiýanyň “ВEЯ ИHBECT” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky Karara anna güni gol çekdi.

Habara laýyklykda, bu resminama oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de “Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1772-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen gol çekildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 21 müň gektarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de önümleri öndürmek barada ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen bellenen tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny we öndürilen önümleriň şertnamalaýyn bahalar boýunça satyn alynmagyny hem-de önüm öndürijiler bilen wagtynda hasaplaşylmagyny üpjün etmek tabşyrylypdy.

“ВEЯ ИHBECT” Moskwada hasaba alnyp, ol köpugurly söwda kompaniýasydyr. Kompaniýa esasan-da önümleri lomaý üpjün etmek bilen meşgullanýar.

2022