“Ýakyn dost” “Bagban” haryt nyşanly täze önümleri öndürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýakyn dost” “Bagban” haryt nyşanly täze önümleri öndürmekçi
Kärhanada dürli miwe şerbetleriniň 19 görnüşi, mürepbeleriň 21 görnüşi öndürilýär.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän “Ýakyn dost” hojalyk jemgyýeti önümleriniň täze görnüşlerini öndürmäge taýýarlyk görýär.

Hususy kärhananyň ýolbaşçysy Babamyrat Döwranow duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetine beren beýanatynda şu ýyl täze önümleri – pomidoryň goýaltmadaky görnüşini, şeýle-de burçuň hurşly görnüşini we ajy pomidor goýaltmasyny öndürmegi meýilleşdirýändiklerini aýdýar. “Hödürleýän täze önümlerimiz “Bagban” haryt nyşanly bolar”.

“Garaja” haryt nyşany bilen adygan önümleri öndürýän kompaniýanyň kärhanasy ýylda 1 million şertli banka önüm çykarmaga niýetlenendir. “Häzirki wagtda her möwsümde 305 müň şertli banka gök-bakja we miwe önümleri gaplaýarys” diýip, işewür belleýär.

Sarp edijileriň gyş möwsümine tomusda taýýarlyk görýändiklerini aýdan Döwranow, “Önümhanada gaplanylýan gök-bakja we miwe önümleri ekologiýa taýdan arassa bolup, bahalary-da elýeterlidir” diýip, önümleriň ilat üçin ýeňillik döredip biljekdigini nygtaýar.

Häzirki wagtda kärhanada alma, erik, ülje, garaly, aýwa, armyt, ýer tudanasy ýaly miwelerden şerbetleriň 19 görnüşi, şonuň ýaly-da bu miwelerden, şeýle-de üzümden mürepbeleriň 21 görnüşi öndürilip, ilata ýetirilýär. Hyýaryň, pomidoryň, kelemiň, ajy burçuň we sarymsagyň duzly hem-de marinada ýatyrylan görnüşleri hem öndürilýär.

“Ýakyn dost” hususy kärhanasynda işgärleriň 40-a golaýy zähmet çekýär.

2022