BSGG-den Türkmenistana wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BSGG-den Türkmenistana wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri gelip gowuşdy
Türkmenabadyň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy.

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan (BSGG) ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu barada TDH penşenbe güni habar berdi.

Halkara ynsanperwerlik ýüküniň ýany bilen gelen BSGG-niň wekiliniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä halklarynyň arasynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar. “Bu waka adamzadyň saglygyna wehim salýan howpa garşy bilelikde göreşmegiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi”.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň pandemiýa garşy göreşmekde tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, özüniň hem döwletleriň birnäçesine ýardam edýändigi bellenildi.

Ynsanperwer ýükleriň içinde wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri – lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsi, respiratorlaryň 130 müňüsi, ýüz örtükleriniň 88 müňden gowragy, äýnekleriň 18 müňden gowragy hem-de halatlaryň 12 müňden gowragy bardyr.

“Bu serişdeler ýiti pnewmoniýany döredýän ýokanç keselden goranmak üçin zerurlygyň ýüze çykan halatynda hünärmenleriň peýdalanmagy üçin lukmançylyk edaralaryna gowşurylar hem-de paýlanylar” diýip, habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň edaralary bilen bilelikde üçünji milli meýilnamany işläp taýýarlamaga girişýär. Bu resminama COVID-19-a garşy göreşmek boýunça ýurduň görýän çäreleriniň ynsanperwer bölegini gurşap alýar.

2022