Türkmenistanda ýokary okuwa kabul etmegiň ýeri we möhleti üýtgedildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýokary okuwa kabul etmegiň ýeri we möhleti üýtgedildi
2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň möhleti 21-nji awgusta çenli uzaldyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň möhleti uzaldyldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 1271-nji buýrugy bilen okuwa kabul etmegiň bellenen möhletini uzaldyp, ony 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda tamamlamak tabşyryldy.

Şeýle-de resminama laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler.

Döwlet Baştutanynyň 3-nji iýuldaky Buýrugyna görä, okuwa kabul edişligi 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly – 15-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyrylypdy.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyna laýyklykda şu ýyl 24 müňe golaý türkmen ýaşlary okuwa kabul edilýär.

2022