Türkmen ýaşlarynyň 24 müňe golaýy talyplyga kabul ediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ýaşlarynyň 24 müňe golaýy talyplyga kabul ediler
Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul ediler, bu bolsa, geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyna laýyklykda şu ýyl 24 müňe golaý türkmen ýaşlary okuwa kabul edilýär. Bu barada TDH duşenbe güni habar berdi.

Ýurduň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegi şu ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy.

Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul ediler, bu bolsa, geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa, 9 müň 490 okuwçy kabul ediler.

Ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň geçişine jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylar. Şeýle hem ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam boýunça okuwlar guralar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine 6-njy iýulda badalga alan resminamalary kabul etmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, giriş synaglaryny 22-nji iýul – 11-nji awgust aralygynda geçirmek tabşyryldy.

Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 6-19-njy iýul aýralygynda, giriş synaglary bolsa 22-29-njy iýul aralygynda guralar.

Maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw mekdeplerine hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 8-nji awgusta çenli kabul ediler hem-de giriş synaglary 11-15-nji awgust aralygynda geçiriler.

Giriş synagy bilen bagly umumy maglumatlar türkmen metbugatynda giňişleýin çap edildi.