Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny we tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny işjeň çekmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär.
TDH-nyň anna güni beýan etmegine görä, Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir we şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny ýakynlaşdyrmak pikiri yzygiderli öňe sürülýär.
Türkmenistan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen wagtyndan bäri geçen döwürde her ýyl Hytaýa, ilkinji nobatda, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ulanylýan ýataklardan ýokary hilli türkmen tebigy gazynyň ençeme milliard kub metri eksport edilýär.
“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägindäki ýataklar bu gaz geçirijisiniň ýene-de bir möhüm çig-mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu çäkde gözleg işlerini alyp barmak we ony işläp geçmek boýunça çäreleri önümi paýlaşmak ylalaşygynyň şertlerinde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) amala aşyrýar. 2020-nji ýylyň başyna çenli CNPC bu taslama ABŞ-nyň 8,2 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy.
Geçen ýylyň oktýabrynda Ýewropa komissiýasy Hazarüsti turba geçirijini Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutulýan energetika taslamalarynyň sanawyna goşdy.
Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak üçin “Gazprom” bilen baglaşylan 5 ýyllyk şertnamanyň çäklerinde Orta Aziýa – Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa tebigy gaz iberilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynda Ahal welaýatynda sintetiki benzini öndürýän kärhananyň ikinji nobatdakysyny, Balkan welaýatynda metildietanolamin öndürýän desgany hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan izobutan öndürýän desgany, kauçuk, polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýleki önümleri çykarýan zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar.
Dünýädäki iri, gury ýerde ýerleşýän “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň biridir.
“Mitsubishi Corparation” ýapon kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň deslapky tehniki taslamasyny düzmek işini ýerine ýetirmek barada ylalaşyga gol çekildi. Bu kärhanany “Galkynyş” känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär. Mundan ozal bu gaz käninde umumy kuwwatlylygy “mawy ýangyjyň” 30 milliard kub metrine barabar bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň 3-si ulanylmaga berildi.
Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” paýdarlar jemgyýeti bilen 2018-nji ýylyň ahyrynda Goturdepe ýatagynda 88 guýyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada goşmaça şertnama baglaşyldy.
Şu ýylyň maý aýynda “Türkmennebit” döwlet konsernine BAE-de hasaba alnan “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” kompaniýasy bilen “Döwletabat” gaz ýatagyndaky 30 guýuda tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Merkezi Garagumdaky gaz kondensat ýataklar toparyna hyzmat edýän “Zäkli Derweze” gaz arassalaýjy desgalarda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy desganyň gurluşygy alnyp barylýar. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan “GP Global Equipment Pte Ltd” (Singapur) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslamany 2022-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, “Derýalyk” önümçilik meýdançasynda gaz guradyjy desgany gurmak, Bagaja gazy gaýtadan işleýän toplumyň birinji we ikinji tehnologik şahalarynyň enjamlaryny getirmek we döwrebaplaşdyrmak üçin potratçyny seçip almak boýunça halkara bäsleşikler geçirilýär.
Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uludyr diýlip hasap edilýär. Bilermenler şolaryň gorlarynyň nebitiň we kondensatyň 12.1 milliard tonna, şeýle hem tebigy gazyň 6.1 trillion kub metre barabardygyny çaklaýarlar.
Häzirki wagtda bu ýerde “Petronas Charigali (Türkmenistan)” (Malaýziýa) kompaniýasy işleýär. Bu kompaniýa “Blok-I” çäginde uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak işlerini amala aşyrýar. Şol ýerde seýsmiki gözleg işleriniň toplumy ýerine ýetirildi, gözleg, baha beriş we ulanyş guýularynyň onlarçasy burawlandy, çig mala baý bolan “Magtymguly” we “Diýarbekir” ýataklary ulanylýar.
Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gazy gaýtadan işleýän zawod hem-de ýerüsti gaz terminaly işe girizildi. 2020-nji ýylyň başyna çenli maýa goýumlarynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 11 milliard dollaryna golaý boldy.
Öz nobatynda, “Dragon oil” (BAE) kompaniýasynyň golçur kompaniýasy bolan “Dragon oil” (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy “Çeleken” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklaryny özleşdirýär. Bu ýerde şeýle hem deňiz nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça ABŞ-nyň jemi 7 milliard dollary möçberindäki serişde gönükdirildi.
Mundan başga-da, “Buried Hill” (Kipr), baş edarasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän “ARETI” kompaniýalary bilen deňiz bölekleriniň birnäçesi boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyklar bardyr.
Italiýanyň “Eni” kompaniýasy indi ençeme ýyllaryň dowamynda Hazar sebitinde netijeli işleýär. Onuň işi “Nebitdag” şertnamalaýyn çäkde alnyp barylýar. Bu ýerde uglewodorod serişdeleriniň esasy gorlary Burun ýatagynda jemlenendir. Kompaniýanyň maýa goýumlary ABŞ-nyň 2.2 milliard dollaryna golaýdyr.
“Mitro International” (Britan Wirgin adalary) kompaniýasy türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde “Hazar” konsorsiumynyň düzüminde Gündogar Çeleken ýatagyny özleşdirmäge gatnaşýar. Demirgazyk Goturdepe ýatagyny Hazaryň kenarýaka zolagynyň geljegi uludygyny tassyklaýan mysal hökmünde görkezilýär. Şol ýerde gözleg işleriniň netijesinde 4 müň metrden gowrak çuňlukda ýerleşýän ýokary önümli nebit gatlaklarynyň üsti açyldy.
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Singapuryň “Ýug-Neftegaz” kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamasynyň çäklerinde gözleg we ulanyş guýularynyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň ikisini burawlamak işleri şu ýylyň ýazynda tamamlandy. Synaglaryň netijesinde nebitiň senagat akymy alyndy.
Häzirki wagtda Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşýän guýularyň ýene-de dördüsiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Şolary burawlamagyň nokatlary goşmaça 3D seýsmiki-gözleg barlaglarynyň netijesinde seçilip alyndy. Şol barlaglar Demirgazyk Goturdepe ýatagynda geçirildi.
Uzynada ýatagynda arassalaýjy desganyň taslamasyny taýýarlamak we enjamlary getirmek, kondensaty taýýarlamak we ýygnamak üçin halkara bäsleşik yglan edildi. Ozal bu ýerde çuňlugy 7 müň metrden gowrak bolan guýularyň dördüsi burawlandy. Şolarda tebigy gazyň we gaz nebit kondensatynyň senagat akymy alyndy. Bu guýular Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň taryhynda ilkinji gezek guruldy we häzirki wagtda Merkezi Aziýada iň çuň guýular hasaplanylýar.