Türkmen kompaniýasy ýoduň ýyllyk önümçilik meýilnamasyna ýarym ýylda golaýlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ýoduň ýyllyk önümçilik meýilnamasyna ýarym ýylda golaýlaşdy
“Himiýa senagat” hojalyk jemgyýetine degişli bolan ýod kärhanasynyň ýyllyk kuwwaty tehniki ýoduň 150 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän “Çalja” meýdançasynda geçen ýylyň iýun aýynda gurlup ulanmaga berlen ýod zawodynda ýylyň ilkinji ýarymynda 127 tonna barabar tehniki ýod öndürildi.

“Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, “Çalja” meýdançasy ýerasty ýodly-bromly suwlaryň baý gorlaryny özünde jemleýän künjek hökmünde tanalýar.

“Himiýa senagat” hojalyk jemgyýetine degişli bolan ýod kärhanasynyň ýyllyk kuwwaty tehniki ýoduň 150 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. “Munuň özi bu ýerde şu ýyl jemi 150 tonna tehniki ýod öndürmek baradaky meýilnamanyň möhletinden has öň berjaý ediljekdiginden habar berýär” diýlip, habarda beýan edilýär.

“Çalja” meýdançasyndaky döwrebap zawodda taýýarlanylan bu gymmatly çig mal şu ýylyň alty aýynda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen tehniki ýoduň ýarysyndan hem köpdür.

“Balkan” gazetiniň şenbe güni habar bermegine görä, “Çalja” meýdançasyndaky daşary ýurt önüm öndürijileriniň kämil tilsimatlary we enjamlary bilen üpjün edilen desgada öndürilýän “Ç” görnüşli ýod, esasan, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Hindistan, Awstriýa ýaly döwletlere satuwa ugradylýar.

Türkmen tehniki ýody senagat pudaklarynda reňkli metal, sintetik kauçuk, reňk, lak, kombinirlenen iým, däri-derman, çakdanaşa arassa metal taýýarlananda zerur bolup durýan himiýa önümidir.