Türkmenistanda halkalaýyn energiýa ulgamy gurulmaga başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda halkalaýyn energiýa ulgamy gurulmaga başlandy
Energiýa halkasynyň birinji böleginiň uzynlygy 450 kilometre barabardyr.

“Türkmenenergogurluşyk” konserni Türkmenistanda energiýa ulgamynyň halkasyny döretmekde uly möçberli taslamany durmuşa geçirmäge başlady. Häzirki wagtda konsern tarapyndan Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz elektrik geçirijileriniň demirbeton diňlerini oturtmak işleri alnyp barylýar.

“Altyn asyr” elektron gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, şeýle hem şol bir wagtda “Serdar-220” elektrik podstansiýasynyň gurluşygyna başlandy.

Energiýa halkasynyň birinji böleginiň uzynlygy 450 kilometre barabardyr. Şeýle-de uzynlygy 560 kilometr bolan 500 kW güýçli ýerüsti elektrik geçirijisi çekilip, iki sany 500/220/110 kW güýçli podstansiýalar we iki sany 220/110 kW güýçli podstansiýalar işe giriziler.

Konserniň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, işi çalt depginde alyp barmak maksady bilen elektrik geçirijisiniň ugry birnäçe böleklere bölüner. ýokary woltly elektrik geçirijisi we beketler üçin telemehanika, kommunikasiýa we SCADA ulgamlaryny “Çalik Enerji” türk kompaniýasy gurnar.

Taslama Aziýa ösüş banky tarapyndan bölünip berlen pul serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirilýär.