Lebap welaýatynyň “Miwe” önümçilik birleşigi häzirki günlerde baglaşylan şertnamalar esasynda gök-önümleri kabul etmek işini dowam etdirýär diýip, “Türkmen gündogary” gazeti sişenbe güni habar berýär.
Türkmen hususyýetçileri tarapyndan 2018-nji ýylda gurlan ammarlarda Russiýadan getirilen sowadyjy ulgamlar oturdylyp, gök we miwe önümlerini uzak wagtlap saklamak üçin şertler döredildi.
Birleşigiň baş ykdysatçysy Gülşat Açylowanyň aýtmagyna görä, bu ýerde sowadyjy ammarlaryň ikisi bolup, olaryň biri 1000, beýlekisi 3000 tonna hasyl saklamak üçin niýetlenendir. “Edil häzirki wagtda iki ammarda bilelikde 2200 tonna golaý önüm bar”.
“Has takygy, ammarlarymyzda edil häzir 1700 tonna çemesi ýeralma bar. Şeýle hem ýylyň başyndan bäri 140 tonna golaý sogan, 60 tonna golaý şugundyr, 250 tonnadan gowrak käşir, 30 tonnadan gowrak garpyz, 2,5 tonna hyýar, ýarym tonna pomidor we 10 tonnadan gowrak kelem ammarlara ýygnandy” diýip, Açylowa ammarlarda saklanýan hasyllar barada gürrüň berdi.
Häzir hem birleşige ýerlerden her gün onlarça tonna hasyl getirilýär. Kärhana degişli on ulagyň bäşisi sowadyjylydyr. Toplanan önümler indiki ýylyň hasyly ýygnalýança, welaýatyň çägindäki bilim we terbiýeçilik edaralaryna, harby bölümlere we saglyk merkezlerine paýlanyp berilýär.
Birleşigiň oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça menejeri Şabibi Hudaýberdiýewa şu ýyl ýeralmadyr sogan babatynda kärendeçileriň göni özi bilen aýratyn şertnamalary baglaşandyklaryny belleýär.
“Şeýlelikde şu ýyl ýeralma boýunça 266, sogan boýunça 172 kärendeçi bilen işleşýäris. Beýleki gök-bakja önümleri we miweler boýunça bolsa daýhan birleşikleridir hojalyklaryň 140-sy bilen şertnama baglaşdyk” diýip Hudaýberdiýewa aýdýar. “Hasyl üçin geçirilýän tölegleriň mukdary kärendeçileri kanagatlandyrýar. Şonuň üçin geljek ýyllarda birleşigimiz bilen şertnama baglaşmak isleýänleriň sany has-da kän”.
“Miwe” önümçilik birleşiginde iki sany ammardan başga-da gaplaýjy bölüm işleýär. Bu ýerde dürli gök önümlerden we miwelerden şerbetlerdir goýaltmalar gaplanyp, degişli ýerlere ugradylýar. Kärhanada 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär.